Bal Balam

Körpäniň saglygy üçin gowy arlyklary saýlap alalyň!

Täze milli brend – "Bal Balam"

Biz uly höwes bilen milli bazarymyzda ilkinji gezek "BAL BALAM" söwda markaly, bir gezek ulanylýan çaga arlyklaryny Siziň dykgatyňyza hödürleýäris!

Смотреть Видео >>

Arlygy - Bal Balam Biziň iň esasy ýörelgämiziň biri hem yhlas bilen körpejeleriň aladasyny etmekdir!
Körpeje ýagty jahana gözüni açan pursatyndan başlap, onuň näzijek teni hemişe belli derejede ýaramaz täsirleri başdan geçirýär. Körpejäniň teni örän ýukajyk we näzik bolup, islendik täsire garşy örän duýgurdyr. Hut şol sebäpden, yhlasly we mähirli ene-atalar dürli täsir ediji zatlaryň güýjüni doly peseltmek üçin, göwnejaý gigiýena we çaga idegi serişdelerini saýlap aljak bolup jan edýärler. Şol meselede "Bal Balam" arlyklary doly kömek edip bilýär. Biz çaganyň tenine täsir edýän esasy sebäpleri giňişleýin öwrenip, olaryň ýüze çykmagyny iň ýokary derejede aradan aýyrýan arlyklary işläp taýýarladyk
Türkmenistanda çagalara aňrybaş alada we mähir bilen garalýar, çagalaryň saglygy bolsa, strategik maksatlarynyň biri bolup durýar. Şol sebäpli, çagalar üçin harytlar öndürilende iň täze tehnologiýalar we işläp düzmeler ulanylýar, arlyk taýýarlanylýan materiallar düýpli barlagdan geçirilýär. Önümçilikde ulanýan çig mallarymyz ähli döwrebap hil we barlag talaplaryna laýyk gelýär. Biziň önümçilikde ulanýan çig malymyz tehniki prosesiň talaplaryna laýyklykda taýýarlanandyr. Ol ýokary hili bilen tapawutlanyp, onuň ähli döwrebap hil talaplaryna we gözegçiligiň talaplaryna laýyk gelýändigi degişli şahadatnamalar bilen tassyklanylýar
Biz çig mal materiallaryny saýlap alanymyzda, Bütindünýä Saglyk Guramasy tarapynda tassyklanan ekologiýa taýyndan arassa arlyklaryň önümçiligi boýunça dünýäde kabul edilen umumy talaplardan ugur alýarys. Önümçilik prosesi daşky gurşawy goramagyň, şeýle hem ony gaýtadan ulanmagyň ähli talaplaryna laýyk gelýär. "Bal Balam" arlyklary näzijek çaga teni üçin doly howpsuzdyr we gipoallergendir.

“Rysgally el” 1,3 million dollarlyk maliýe goldawyny aldy

Kärhananyň täzelenjek çaga arlyk zawody ýyllyk 40 million sany arlyk öndürmäge ukyply bolar

Ýewropa Ösüş we Täzeleniş banky (ÝÖTB) “Rysgally el” hususy kärhanasyna çaga arlyklarynyň önümçiligini ýola goýmak üçin 1,3 million dollar karz berdi. Bankyň metbugat beýanatyna görä, “Rysgally el” kärhanasy maliýe goldawyny täze enjamlary ornaşdyrmak üçin ulanar.

Kärhananyň täzelenjek çaga arlyk zawody ýyllyk 40 million sany arlyk öndürmäge ukyply bolar.

ÝÖTB-niň Aşgabatdaky ofisinde geçirilen gol çekişlik dabarasynyň dowamynda bankyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça jogapkäri Neýl MkKeýn: “ÝÖTB ýurduň önümçilik ulgamy üçin ähmiýetli bolan, import harytlarynyň ýerini tutýan önümleri hödürleýän ‘Rysgally el’ ýaly hususy kärhanalara goldaw bermekden örän şat” diýdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we jemgyýetçilik edarasynyň (UN DESA) maglumatyna görä, 2019-njy ýylda Türkmenistanda 120 müňden gowrak bäbek dogulmagyna garaşylýar.

Türkmenistanda hereket edip başlanyndan bäri 200-den gowrak kärhana biznes maslahatlaryny beren ÝÖTB umumylykda 70 taslama 272 million ýewro maliýe serişdesini goýberdi.