Biz hakynda

Biz arlyk bazaryndaky ähli gowy taraplary göz öňünde tutup, önümleri alyjylara iň elýeterli bahadan üpjün edýäris

Öndürilýän önümiň hilini gowulandyrmak üçin, işgärlerimiz hemişe täze çözgütleriň we üpjün edijileriň gözleginde bolýar. Biziň maksadymyz – köp kişilerdäki "Iň gymmat bahaly arlyk–ekologik taýdan iň arassa we ýokary hilli arlyk bolýar" diýen düşünjäni üýtgetmekdir. Puly tygşytlap, maşgala býujetiňizi aýap saklamagyňyz üçin, biz ýokary hilli, ýöne arzan bahaly arlyklary hödürlemäge çalyşýarys
Ulanyp ugran ilkinji günüňizden başlap, olaryň ajaýyp arlykdygyna we ynamyňyzy ödändigine göz ýetirersiňiz. Olar sizi köp hysyrdydan dyndaryp, körpejä we maşgalaňyza has köp wagt sarp etmäge mümkinçilik döreder. "Bal Balam" önümleri iň ynjyk ene-atalaryň talaplaryny hem kanagatlandyrmaga ukyplydyr
Biziň esasy ýörelgämiziň biri-de importyň ornuny tutýan, durmuş-ähmiýetli önümleri öndürmek we kämilleşdirmek, şeýle hem, ýurduň umumy haryt dolanyşygynda ýerli harytlaryň möçberini ýokarlandyrmak bolup durýar. Önümçilik kuwwatymyz ýylda 13 milliondan gowrak arlyk öndürmäge ukyply bolup, ol diňe içerki bazaryň islegini kanagatlandyrman, eýsem uly göwrümini daşary ýurtlara eksport etmäge hem şert döredýär
Biz önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmagy niýet edýäris, uzagyndan bolsa, önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmagyny, çykarylýan önümleriň görnüşlerini giňeltmegini, satuw bazarlaryny başgaça ugurlara gönükdirimegini, şeýle-de önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, önümçiligiň täze görnüşlerini özleşdirmegini göz öňünde tutýarys

Önümlerimiziň iň täze we ýokary hillidigine göz ýetiriň!

"Bal Balam" – ýokary hil, elýeter baha, çaganyň rahaty, ene-atanyň bagtydyr!

"Bal balam" arlyklaryny öndürmek üçin zerur bolan çig mallaryň sanawy

Işläp zolak
  • Çygy siňdirmek we arlygyň rahatlygyny üpjün etmek üçin rulon görnüşli sellýuloza
  • Arlygyň ýokarky ýumşak, dem alýan gatlagy, birmeňzeş reňkli "Bal Balam" logotipli
  • Siňdiriji gatlajyklary dolamak üçin sanitar-gigiýenik kagyz
  • Çygyň syzmagynyň öňüni almak üçin, suw geçirmeýän ýumşak, dokama däl içerki material
  • Çygy siňdirmegi güýçlendirer ýaly, içerki ýumşak, dokama däl, dem alýan material
  • Çyg ýaýradyjy içerki gatlak
  • Ýelmeşýän gapdal ildirgiçler
  • Biliň ölçegini sazlamaga mümkinçilik berýän ildirgiçleri berkitmek üçin lenta guşajyk, Bal Balam logotipli
  • Çygyň syzmagynyň öňüni almak üçin, arlygyň manžeti üçin çeýe, ýumşak lenta (rezinjikler).
  • Materialy ýelmemek üçin gipoallergen ýelim.
  • Dokama däl, dem alýan materially rezinjikleri (çeýe ýumşak lentalary) ýelmemek üçin gipoallergen ýelim
  • Bile has ykjam şaplaşar ýaly kagyz streç-guşajyk
  • Super-siňdiriji polimer