Arlyklary

"Bal Balam" çaga arlyklary birnäçe artykmaç häsiýetlere eýedir:

  • Arlyklar çaga teniniň "dem almagyna" mümkinçilik berýär
  • Arlyklar çaganyň hereket etmegine päsgel bermeýär
  • Ulanylýan materiallar doly gipoallergen
  • Arlyklar öl bolanda, teniň iň pes derejede galtaşmagyny üpjün edýär
  • Arlyklar şadyýan we özboluşly dizaýny bilen tapawutlanýar
  • Arzan bahadan, ýokary hilli

"Bal Balam" arlyklary
düýgur çaga teni üçin ýörite işlenip taýýarlanandyr

  • Guşajyk
  • Ýokarky örtüji gatlak
  • Içerki siňdiriji gatlak
  • Yaýrawly gatlak
  • Gorag gatlagynyň
  • Aşaky örtüji gatlak
  • Iki tarapdaky gapdal manžetler
  • Çetki rezinjikler
  • Ildirgiçler

Ýokarky örtüji gatlak - çaganyň tenine gönümel galtaşyp, suwuklygy arlygyň içine geçirýär. Ýokarky gatlak tebigy mata meňzeş, ýöne howa geçirýän dokama däl materialdan taýýarlanylýar. Materialyň süýümleri (çeýe fibra süýümler) has-da ýylmanak bolar ýaly goşmaça işlenilýär, ol bolsa iň ownujak sürtenmäniň hem öňüni alýar. Çeýe fibra süýümler ultra-ýukalygy we ideal jaýlaşmagy üpjün edýär. Ulanylýan dem alýan matalar körpejäniň tenini gyjynmadan we tenginden goraýar

Mikro-deşijekli, dokama däl polotnodan ybarat bolan ýaýrawly gatlak siňdirmegiň tizligini ýokarlandyrýar we suwuklygyň tene ikilenç degmeginiň öňüni alýar

Içerki siňdiriji gatlak - super-siňdiriji polimerden tebigy süýümden (tüýdülen kagyz sellýulozasyndan) emele gelýär. Tebigy süýüm suwuklygy tutuş siňdiriji gatlaga deň ýaýradýar we siňdirijiniň tokgalanmagyna mümkinçilik bermeýär, şonuň esasynda bolsa, arlyk hemişe ýukalygyna galýar, siňdirijiniň köp bolmagy siňdiriş ukybyny ýokarlandyryp, çygyň syzmagynyň öňüni alýar. Şeýle hem, arlygyň içerki gatlagyndaky tebigy süýüm ýaramaz yslary aradan aýyrýar. Derrew siňdirmeklik gurulyk we serginlik duýgusyny döredýär

"Bal Balam" arlyklarynyň - gorag gatlagynyň aýratyn teksturasy çygy şolbada özüne siňdirýär we içeride ykjam saklaýar

Aşaky örtüji gatlak - tebigy mata meňzeş ýumşak, ýylmanak materialdyr

Arkada ýygnalan tolkun - şekilli guşajyk ýumşak, çeýe rezinjigi emele getirýär, onuň kömegi bilen, arlyk çaganyň garynjygyny gysman, bilinde göwnejaý ýerleşýär

Ýelmeşýän gapdal - ildirgiçler çaganyň beden ölçegine görä sazlap bolýan maýyşgak ýelmeşegen lentajyklardyr

Iki tarapdaky gapdal manžetler we çetki rezinjikler - arlygy çagajykda emaý bilen saklaýar (körpejäniň teninde yz galdyrmaýar, daralmaýar we gysmaýar)

“Bal Balam” arlyklary her ýaş toparyndaky körpeleriň aýratynlyklaryna görä işlenip düzülendir

Çaganyň ýaşyna we agram aralygyna baglylykda, arlyklar şu aşakdaky ölçeglerde öndürilýär:
  • Täze doglan bäbekler üçin "Nýubebi" №1– doglan pursatyndan başlap, 6 kg çenli
  • Orta ölçegler "Midi" №2 – 6 we 9 kg arasy
  • Uly ölçegler "Maksi" №3 – 9 we 12 kg arasy
  • Has uly ölçegler "Ýunior» №4 – 12 kg we ýokary
Bir gezeklik "Bal Balam" çaga arlyklarynyň gabdaky möçberi
Ölçeg Çaganyň agramy (kg) К1 gapdaky arlyk möçberi (sany)
New Baby 6 çenli 24
Midi 6 - 9 20
Maxi 9 - 12 20
Junior 12 ýokary 18

"Bal Balam" çaga arlyklarynyň önümçilik shemasy

  • Sellýuloza rulony önümçilik liniýasyna berilýär
  • Sellýuloza maýdalanyp tüýdülýär
  • Sellýulozadan we super-siňdiriji polimerden siňdiriji gatlajyklar taýýarlanylýar
  • Siňdiriji gatlajyklar dolanylyp, sanitar-gigiýenik kagyz ýasalýar
  • Deň ýaýrawly gatlak, şeýle hem çygyň daşyna çykmagynyň öňüni almaga kömek edýän materiallar goşulýar
  • Ähli gatlaklar preslenilýär
  • Arlygyň berlen ölçeglerine laýyklykda, gatlaklar kesilýär
  • Siňdiriji gatlak ýüzüne öndürijiniň logotipi goýlan daşarky dem alýan mata bilen bilelikde dolanylýar
  • Çygyň daşyna çykmagynyň öňüni almak üçin, arlygyň manžetine çeýe ýumşak rezinjik ýelimlenilýär
  • Arlygyň biliniň öň tarapyna mikro-ilgençekli, öndürijiniň logotipi goýlan guşak ýerleşdirilýär
  • Arlygyň çaganyň bedenine göwnejaý şaplaşmagy üçin, yzky gyrasyna kagyzdan streç-guşajyk ýelmenilýär
  • Arlygyň öň tarapyna "ildirer" ýaly edip, ýelmeşýän gapdal lentajyklar ýelimlenilýär
  • Arlygyň berlen ölçeglerine laýyklykda, inligine artykmaç bölekler şekillendirilip kesilýär
  • Arlyk uzaboýuna eplenilýär
  • Arlygyň berlen ölçeglerine laýyklykda, uzynlygyna artykmaç bölekler şekillendirilip kesilýär
  • Taýýar arlyk eplenilýär
  • Taýýar önüm çykarylýar we gaplanylýar